Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktorynyň adyna iberen haty

12:2523.05.2020
1
11830

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň barşynda bu mejlisiň resminamasy hökmünde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen СOVID-19 koronawirus keseliniň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler baradaky maglumat ýaýradyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Ýetmiş dördünji sessiýa

Gün tertibiniň 126-njy bendi

Dünýäniň ilatynyň saglygy we daşary syýasat

Türkmenistanyň Hökümetiniň ilatyň saglygyny goramak hem-de COVID-19 koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen çäreler barada maglumat

Häzirki wagtda adamzat ýokanjyň täze görnüşiniň — COVID-19 koronawirus ýokanjynyň ýüze çykmagy bilen baglylykda, örän uly giňişlikleri öz gerimine alýan, köp sanly döwletleriň we halklaryň durmuşyna täsirini ýetirýän örän çynlakaý täze wehime sezewar boldy.

Şunuň bilen baglylykda, bu howpa üstünlikli garşy durmak üçin utgaşykly çäreleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi örän zerurdyr.

Häzirki şertlerde ýurtlar dünýäniň ähli halklaryna mahsus ynsanperwerlik, özara goldaw, raýdaşlyk ýaly iň oňat ýörelgeleri ugur edinmelidirler.

Bu gün her bir döwletden hem-de tutuşlygyna dünýä bileleşiginden aýratyn jogapkärçilik, ol ýa-da beýleki çözgütler kabul edilende oýlanyşykly we öňdengörüjilikli çemeleşmeler talap edilýär. Ähli ýurtlar bu howply ýokanja garşy göreşde diňe bilelikdäki tagallalary jemläp, oňyn netijeleri gazanyp boljakdygyna esaslanýan düşünjä daýanmalydyrlar.

Türkmenistan halkara bileleşigine jogapkärli gatnaşyjy hökmünde COVID-19 howpunyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ozaly bilen bolsa, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen ýakyndan işjeň gatnaşyklary ýola goýdy.

BSGG-niň Türkmenistandaky wekilleri bilen yzygiderli duşuşyklar, BSGG-niň Ženewadaky edarasy bilen wideomaslahatlar guralýar, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen uzak aralykdan iş gepleşiklerini geçirmegiň guraly ýola goýuldy.

Bilelikdäki işiň şunuň ýaly görnüşleri biziň ýurdumyzyň Siziň ýolbaşçylyk edýän Guramaňyz hem-de adamlaryň saglygyny goramak meseleleri bilen meşgullanýan Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki düzümleri bilen köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygynyň dowamy bolup durýar.

Adamyň durmuşy, saglygy we howpsuzlygy Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge bu syýasatyň esasy şygarydyr. Şundan ugur alnyp, saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ilkinji derejeli üns berilýär. Bu işler ulgamlaýyn esasda amala aşyrylýar.

1995-nji ýylda Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi, ilata lukmançylyk hyzmatyny guramagyň iň öňdebaryjy halkara tejribesine daýanýan saglygy goraýşyň täze ulgamyny kemala getirmek bu maksatnamanyň özenini düzýär.

Hut şol döwürde — 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymynda we 2000-nji ýyllaryň başynda ýurdumyzda adamyň saglygyny goramagyň düýpgöter täze nusgasy kemala geldi hem-de üstünlikli işläp başlady, bu nusga lukmançylyk kömegini her bir raýata mümkin ýokary derejede ýetirilmegini üpjün etmäge, lukmançylyk hyzmatlarynyň sanawyny ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi köp babatda saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýadyny döretmek, häzirki zaman lukmançylyk enjamlaryny satyn almak, dürli keselleri bejermegiň hem-de öňüni almagyň öňdebaryjy usulyýetlerini giňden ornaşdyrmak, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak, lukmançylyk ylmyny ösdürmek meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi öňde goýlan maksatlaryň amala aşyrylmagynyň mümkindiginiň hem-de öz wagtynda öňe sürlendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde halkara derejesindäki täze häzirki zaman klinikalarynyň, hassahanalaryň, gospitallaryň, lukmançylyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň giň gerimli gurluşygy munuň mysalydyr. Bu Maksatnamanyň amala aşyrylýan döwründe dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralarynyň 92-si bina edildi we ulanmaga berildi.

Şol bir wagtda lukmançylyk bilim ulgamy has-da kämilleşdirildi. Ýurdumyzda Döwlet lukmançylyk uniwersiteti üstünlikli işleýär, onda okaýan geljekki saglygy goraýyş işgärleri bejeriş işleri, pediatriýa, stomatologiýa, arassaçylyk we gigiýena, farmasewtika, sport lukmançylygy, harby lukmançylyk hünärleri hem-de beýleki ugurlar boýunça bilim alýarlar. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda lukmançylyk mekdepleriniň bäşisi hereket edýär, olar ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny orta lukmançylyk işgärleri — şepagat uýalary (şepagat doganlar) we feldşerler bilen üpjün edýärler.

Döwlet syýasatynyň saglygy goraýyş ulgamy ýaly örän möhüm ugrunyň ylmy üpjünçilige daýanmazdan netijeli ösdürilip bilinmejekdigi düşnüklidir. Şunda türkmen alym-lukmanlarynyň ýurdumyzda keselleri bejermek hem-de olaryň öňüni almak bilen baglanyşykly köp meseleleri çözmäge mümkinçilik berýän ylmy işläp taýýarlamalarynyň ýokary netijeliligini aýratyn nygtamak gerek. Şunda olar öz ylmy işlerini daşary ýurtly kärdeşleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň işjeň halkara gatnaşyklary, olaryň ählumumy, sebit, ýurtlar boýunça strategiýalary hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň goşulýandyklary «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Bu örän möhüm işde abraýly halkara guramalary, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasy, onuň BSGG, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy ýaly düzümleri biziň ygtybarly hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlarymyzdyr.

Bu guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýyllarynda örän möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi, olaryň netijeleri Türkmenistanda adamlaryň saglygyny berkitmek, olary howply kesellerden goramak, keselleriň öňüni almak işlerinde ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda alyp barýan işlerimize birnäçe gezek halkara derejesinde mynasyp baha berildi.

Hususan-da, ýurdumyz aşakdaky halkara sylaglara we güwanamalara mynasyp boldy:

1. Drakunkulýoz keselinden azat edilendigi baradaky halkara güwanamasy (2000-nji ýyl);

2. Poliomiýelit — ýiti ysmaz keselinden azatlygy hakynda güwanama (2002-nji ýyl);

3. Türkmenistanyň duzuň ählumumy ýod bilen baýlaşdyrylan dünýädäki dördünji döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edilmegi (2004-nji ýyl);

4. Gyzzyrma keseliniň ýok edilendigi hakynda BSGG-niň güwanamasy (2010-njy ýyl);

5. Unuň ýokumyny güýçlendirmek boýunça ýetilen sepgitler we gazanylan üstünlikler üçin ýurdumyza öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde halkara sylagynyň gowşurylmagy (2011-nji ýyl);

6. Temmäkä garşy göreşmek ugrunda uly goşant goşandygyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentine BSGG-niň ýörite sylagy gowşuryldy (2014-nji ýyl);

7. Gyzamyk we gyzylja keselleriniň eliminasiýasy tassyklanandygy barada BSGG-niň sebit edarasynyň güwanamasy (2016-njy ýyl);

8. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ägirt uly işleri ýerine ýetirendigi üçin BSGG-niň güwanamasy (2019-njy ýyl);

9. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän, immuno öňüni alyş Milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda çagalaryň arasynda sanjym işleriniň geçirilmeginiň ýokary görkezijileriniň saklanylýandygy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň güwanamasy (2019-njy ýyl);

10. BSGG tarapyndan Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça Milli merkez diýen derejäni tassyklaýan güwanamasy (2019 ýyl).

Şonuň bilen birlikde, häzirki wagtda Türkmenistanda 14 ýokanç keseline garşy ilatyň hökmany tertipde sanjymy geçirilýär, munuň özi köp babatda adam bedeniniň howply kesellerden goraglylygyny güýçlendirmekde ýardam berýär.

Ýokarda beýan edilenlerden görnüşi ýaly, biziň döwletimiz milli hem-de halkara derejelerinde ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça uly tagallalary edýär, olary emele getirýän sebäpleri aradan aýyrmak boýunça çäreleri geçirýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda toplan oňyn tejribesi hökümete COVID-19 zerarly ýurdumyzyň çäklerinde ýokanç keselleriniň ýaýramak töwekgelçiliklerini peseltmek boýunça öz wagtynda hem-de netijeli çözgütleri kabul etmekde binýat bolup hyzmat etdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň has möhüm ugurlaryny bellemek gerek.

Birinjiden, häzirki wagtda Türkmenistanda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň bitewi milli strategiýasy düzüldi, guramaçylyk, hukuk, maliýe, ykdysady, arassaçylyk-epidemiologiýa, lukmançylyk, karantin häsiýetli çäreleriň toplumy bu strategiýanyň mazmunyny emele getirýär.

Howply ýokanç kesellerine garşy göreş boýunça Hökümet toparynyň döredilmegi esas goýujy guramaçylyk işleriniň biri boldy, bu toparyň düzümine hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary girizildi. Şeýle hem pudagara utgaşdyryjy gural — dessin çäreleriň görülmegini üpjün edýän topar döredildi, onuň işine saglygy goraýyş, ulag, söwda, maliýe ulgamlaryna jogap berýän döwlet düzümleriniň, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri çekildi.

Ýokarda agzalyp geçilen utgaşdyryjy düzümlere kanunçylyga laýyklykda degişli ygtyýarlyklaryň berlendigini hem-de olaryň ähli hereketleriniň Hökümet toparynyň mejlislerinde kabul edilýän teswirnamalaryň hem-de meýilnamalaryň esasynda amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Türkmenistanda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri, şol sanda BSGG-niň ýurtlar boýunça edarasy bilen bilelikde koronawirus ýokanjynyň ýüze çykan halatynda, oňa taýýarlygy we çäreleri üpjün etmegiň milli meýilnamasyny düzmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ikinjiden, saglygy goraýyş edaralaryna arassaçylyk-epidemiologiýa gözegçiligini üpjün etmek üçin ähli zerur serişdeler bölünip berildi. Hususan-da, dünýäde COVID-19-yň ýüze çykan wagtyndan başlap, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli düzümleri tarapyndan daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän ähli adamlar lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär. Raýatlaryň bu topary babatynda karantin tertibinde çäreler geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynyň merkezi we ýerli edaralarynyň ygtyýaryna barlaghana anyklanylyşy, lukmançylyk serişdeleri, üpjünçilik enjamlary we esbaplary, şol sanda şahsy gorag görnüşindäki serişdeler berildi. Şeýle hem hereket edýän kadalara we standartlara laýyklykda, karantin çärelerini üpjün etmek üçin hassahanalarda näsaglar üçin ýeterlik ätiýaçlyk orunlar bar.

Öňüni alyş çäreleri saglygy goraýyş edaralarynyň işinde aýratyn orun eýeleýär. Ähli edaralarda, kärhanalarda, okuw mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda raýatlaryň beden gyzgynlyk kadasy üpjün edildi, şahsy gigiýenanyň berjaý edilmegi, hususan-da, ýörite zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen elleri ýuwmak, lukmançylyk serişdelerini we öňüni alyş işleriniň enjamlaryny peýdalanmak boýunça berk düzgünler girizildi. Mundan başga-da, söwda merkezlerinde, bazarlarda, bilim edaralarynda, jemgyýetçilik ulaglarynda ýokanjyň ýaýramagyna garşy zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmak arkaly arassaçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Üçünjiden, häzirki wagtda ýurdumyzda ösümlikleriň we haýwanlaryň, şeýle hem ösümlik we maldarçylyk önümleriniň getirilmegi netijesinde dürli keselleriň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagyndan goramagyň ýeterlik howpsuzlyk derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýän fitosanitariýa we weterinar gözegçilik ulgamy hereket edýär. Döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň beýleki degişli döwlet edaralarynyň hünärmenlerinden ybarat toparlar işleýär. Ýurdumyzyň çäklerine ýokançlaryň aralaşmagynyň öňüni almak, dezinfeksiýa we zyýansyzlandyryş çäreleriniň toplumyny geçirmek olaryň esasy wezipesidir.

Dördünjiden, dünýäde täze görnüşli howply ýokanjyň ýaýrap başlandygy baradaky habar gelip gowşan dessine hökümetimiz daşary ýurt raýatlarynyň Türkmenistana gelmeklerini hem-de türkmen raýatlarynyň ýurdumyzdan çykmaklaryny çäklendirmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmäge girişdi. Şunuň ýaly işler birnäçe tapgyrda geçirildi.

Şeýle hem halkara howa gatnawlarynyň sany azaldylyp başlandy. Häzirki wagtda Hökümet toparynyň çözgüdi boýunça howa gatnawlary daşary ýurtly raýatlaryň öz ýurduna gitmekleri üçin daşary ýurt ilçihanalarynyň haýyşy boýunça bir gezeklik tertipde guralyp bilner.

Şeýle çäreleriň wagtlaýyn häsiýete eýedigini bellemek gerek.

Bäşinjiden, koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýyň örän çynlakaýdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan şol birwagtda şunuň ýaly şertlerde döwletleriň arasynda söwda hem-de ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyna doly derejede düşünýär.

Türkmenistan öz hyzmatdaşlary, ozaly bilen bolsa, goňşy döwletler bilen ýakyn gatnaşykda şeýle hyzmatdaşlygyň arasynyň üzülmezligi we harytlary özara ibermegiň hem-de Ýewraziýa yklymynda üstaşyr gatnawlaryň ygtybarly ugurlarynyň saklap galmak ugrunda işleri alyp barýar.

Türkmenistanyň we onuň bilen goňşy döwletleriň utgaşykly çäreleriniň netijesinde, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň işlemeginiň kadaly tertibi üpjün edildi.

Altynjydan, ýurdumyzyň içinde adamlaryň bir sebitden beýleki sebite baryp gelmeklerini göwnejaý derejede guramak işleri howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy durmakda möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistanda kabul edilen kada laýyklykda, serhetýaka sebitlerine girmek hem-de ondan çykmak boýunça hereketler ýörite tertipde amala aşyrylýar. Şunda awtomobil hem-de demir ýol ulaglarynda hereketlere saglygy goraýyş we içeri işler edaralarynyň işgärleri gözegçiligi amala aşyrýarlar. Gürrüňsiz suratda, munuň özi diňe howply ýokanç keseliniň dünýäde ýaýramagyna garşy göreşilýän döwürde hereket edýän wagtlaýyn çäredir.

Ýedinjiden, düşündiriş-wagyz işleri koronawirus ýokanjyna garşy göreşiň möhüm ugurlarynyň biridir, ilatyň täze ýokanç keseliniň howplaryna doly göz ýetirmegini üpjün etmek wagyz işleriniň baş maksady bolup durýar. Şeýle çäreler ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda – çagalar baglarynda, mekdeplerde, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde, harby bölümlerde, kärhanalarda, edaralarda — ähli ýerlerde geçirilýär. Ýaşaýjylara şunuň ýaly şertlerde özüňi alyp barmagyň, şahsy arassaçylyk düzgünleriniň kadalary düşündirilýär, beýleki zerur maglumatlar berilýär. Sanitariýa-arassaçylyk babatynda düşündiriş işleriniň ähmiýetine düşünmek bilen, hökümet tarapyndan wagyz-düşündiriş işlerine alymlary, mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini, döredijilik işgärlerini giňden çekmek boýunça çäreler geçirilýär, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçilikleri peýdalanylýar.

Şeýle ýagdaýlarda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän çäreleri BSGG-niň dünýäde COVID-19 koronawirus ýokanjyň ýaýramagyna garşy göreşmekde işläp taýýarlan degişli maslahatlaryna doly derejede laýyk gelýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda hem-de hususan-da, ýokanç kesellere garşy göreşde toplan tejribesi BSGG-niň işinde peýdalanylyp bilnerdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň