31-nji maýda Türkmen halysynyň baýramy belleniler

11:5423.05.2020
1
8288

22-nji maýda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna öňde boljak Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 31-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Diýarymyzyň haly we dokma pudaklarynyň ýeten derejesine, hem-de söwda ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi-ýarmarkasy guralar. Şeýle-de türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň 20-nji mejlisi geçiriler. Oňa wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň,wekilleri gatnaşar hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ussat halyçylaryny hormatlamak dabarasy bolar hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere baýramçylyk mynasybetli ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek we halyçylygyň gadymy milli däplerini saklamak we has-da baýlaşdyrmak işine uly goşant goşan pudagyň ussat halyçylarynyň hormatyna dabaralary guramak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň