Türkmen wekiliýeti GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarylarynyň Geňeşiniň onlaýn mejlisinde gatnaşar

11:1823.05.2020
2
8763

22-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milletiň Lideriniň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 29-njy maýynda GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde guramaçylyk we hyzmatdaşlygyň ykdysady, ulag, medeni, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlary boýunça birnäçe meselelere garamak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama kabul edildi. Jarnamanyň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanmak bilen, häzirki wagtda GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça jemleýji işler geçirilýär.

Şeýle hem milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.

Döwlet Baştutanynyň 2017-nji ýylda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitinde öňe süren oňyn başlangyçlary esasynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek hem-de degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça netijeli bilelikdäki işleri geçirildi, bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Biziň ýurdumyz şeýle hem Arkalaşygyň çäklerinde sport oýunlaryny yzygiderli geçirmek boýunça, olaryň halkara sport giňişligindäki abraýyny belende götermek ugrunda GDA-nyň alyp barýan çärelerine işjeň gatnaşýar. Şulardan ugur alnyp, GDA-nyň döwletleri tarapyndan bedenterbiýe we sport ulgamynda geljekki on ýylyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýän Strategiýanyň taslamasy işlenip düzüldi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde garaljak resminamalaryň taslamalaryny gutarnykly ylalaşmak we beýleki guramaçylyk meselelerini maslahatlaşmak maksady bilen, 27-nji maýda göni wideoaragatnaşyk arkaly GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Iş duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň