Arhiw

Türkmenistan bilen Ýaponiýa COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşýar

11:0423.05.2020
2
3073
Türkmenistan bilen Ýaponiýa COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça tejribe alyşýar

Saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de adamzat üçin çynlakaý howpa eýe bolan COVID-19 koronawirus ýokanjyna garşy durmak boýunça meseleler şu gün geçirilen wideomaslahatyň gün tertibine girizildi, oňa Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ugurdaş edaralarynyň we ylmy düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, TDH ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus pandemiýasy howpunyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyz täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamagyň hem-de umumy tagallalary jemlemegiň tarapdary hökmünde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan bu ugurda durmuşa geçirýän anyk çäreleri, hususan-da, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça toplanylan oňyn tejribe Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de tutuşlygyna dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşygyň barşynda howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak, şol sanda netijeli derman serişdeleri boýunça ýörite barlaglary geçirmek hem-de olary işläp taýýarlamak, tejribe alyşmak we bu ulgamda özara peýdaly halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylmagynyň meselesi boldy.

Wideomaslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylmy institutlarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda häzirki zaman lukmançylygynyň möhüm ugurlary, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň