Türkmenistan bilen Gazagystan sport boýunça döwletara hyzmatdaşlygy ösdürer

10:1623.05.2020
0
9480

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport wise-ministri S.Musaýbekowyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi ― diýip, TDH ýazýar.

Gepleşige Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we iki ýurduň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. Onda sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem-de Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň meselelerine garaldy.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň ýokary derejedäki halkara sport bäsleşiklerini geçirmekde hem-de Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde toplan tejribelerine ýokary baha berdiler.

Bellenilişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine gabat gelýän döwrebap köpugurly stadionlaryň we beýleki möhüm sport desgalarynyň gurluşygy boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça tejribe alyşmagyň, iki dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň