Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýerler Ş.Durdylyýew bilen B.Abdyýewa berk käýinç yglan etdi.

22:2222.05.2020
0
26127

Şu gün – 22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýerler Ş.Durdylyýew bilen B.Abdyýewa berk käýinç yglan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýew Şamuhammede berk käýinç yglan etdi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa Bahargüle berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmek oňa  soňky gezek duýduryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň