Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-leriniň garamagyndaky ýokary okuw mekdepleriniň arasynda wideomaslahat geçirildi

21:1422.05.2020
0
5376

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky «ADA» uniwersitetiniň (Azerbaýjanyň Diplomatik akademiýasy) arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda ylym-bilim ugurly özara gatnaşyklarda toplanan tejribe hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professormugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagyndaky onlaýn maslahat iki ýokary okuw mekdebiň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek boýunça hereket edýän degişli ylalaşykdan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik derejä eýe bolmak bilen, özara gyzyklanma bildirilýän möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär. Iki dostlukly ýurdy taryh, medeniýet, umumy kökler, däp-dessurlaryň­dyr dünýägaraýyşlaryň meň­zeşligi birleşdirýär. Şundan ugur alyp, wideokonferensiýa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamda ýola goýlan gatnaşyklaryň ähmiýeti we möhüm ugurlary, olary ösdürmegiň mümkinçilikleri, özara ylmy hyzmatdaşlygyň gerimini gi­ňeltmegiň meseleleri barada giňişleýin pikir alyşdylar.

Şunda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 21- 22-nji noýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyna aýratyn üns berildi. Şol saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk esaslaryny berkidýän resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky «ADA» uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem bar. Bellenilişi ýaly, bu resminama iki ýurduň daşary syýasat ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini gi­ňeltmek bilen, ylym we bilim ulgamy boýunça gatnaşyklary ösdürmekde hem-de özara tejribe alyşmakda uly ähmiýete eýedir.

Onlaýn maslahatda iki ýokary okuw mekdebiniň wekilleri çykyş edip, halkara gatnaşyklar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdiler. Ýeri gelende, hut hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä ýurtlarynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň­dir diplomatik akademiýalarynyň 25-si bilen özara hyzmatdaşlyk edýändigini nygtamak gerek. Şol ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde halkara tejribe içgin öwrenilip, akademiki toparlaryň, mugallymlardyr talyplaryň birek-birege saparlary guralýar, ylalaşyklarda göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky «ADA» uniwersitetiniň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen nobatdaky maslahat hem şolaryň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň