Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda geçirilýän sanitariýa-epidemologiýa barlaglary güýçlendirilýär

19:1722.05.2020
0
734

Paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýörite maslahat täze aýratyn howply ýokanç kesele garşy göreşmek maksady bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işinde ulanylýan lukmançylyk usullaryna bagyşlanyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan maslahata gatnaşyjylar sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä tejribesinde ulanylýan çäreler, hususan-da, döwletara serhedinden geçýän raýatlary lukmançylyk barlagyndan geçirmek düzgüni bilen tanyşdyryldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň tejribesine hem-de ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek meselelerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda sebitiň ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen geçirilýän bilelikdäki işlere ýokary baha berildi.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar bu mesele boýunça pikir alşyp, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de şeýle duşuşyklaryň çäklerinde utgaşykly hereketleriň möhümdigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň