Arhiw

TDEI bilen Kazanyň Döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda onlaýn maslahat geçirildi

18:5022.05.2020
0
292
TDEI bilen Kazanyň Döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda onlaýn maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Kazanyň Döwlet energetika uniwersitetiniň arasynda internet arkaly wideoşekilli ylmy-amaly maslahat geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Oňa institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeli ylmy-önümçilik merkeziniň işgärleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň esasy temasy alternatiw energiýa çeşmeleri barada bolup, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň işgäri Amirhan Gurbanow ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdi. Şeýle hem institutyň ylmy işler boýunça prorektory Aganyýaz Jumaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň energiýany tygşytlamakda alyp barýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada gi¬ňişleýin gürrüň berdi. 

Kazanyň Döwlet energetika uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem bu ugurda gazanan üstünlikleri we tejribehanalarynda alyp barýan işleri bilen TDEI-niň mugallymlarydyr talyp ýaşlaryny ýakyndan tanyşdyrdylar. Şeýle-de uniwersitetiň professor-mugallymlary alternatiw energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly onlaýn okuw sapagyny geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň