Soňky habarlar

Arhiw

Goturdepede şu ýyl 435 müň tonna «gara altyn» alyndy

18:3022.05.2020
0
1140

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň esasy ýerasty baýlyklary bolan «gara altynyň» çykarylýan möçberleriniň durnukly artdyrylmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Olar türkmen geologlary tarapyndan anyklanan meýdançalarda gazylyp, senagat taýdan özleşdirmäge berlen guýulardan bu gymmatly çig maly çykarmakda we ony gaýtadan işleýjilere tabşyrmakda görnükli netijelere eýe bolýarlar. 

Bu öňdebaryjy müdirlikde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda hem üstünlikli netijeler gazanyldy. Has takygy, gürrüňi edilýän döwürde kärhananyň hünärmenleri hereket edýän guýulardan 435 müň tonna golaý «gara altyny» çykaryp, onuň 424 müň tonna barabaryny gaýtadan işleýjilere tabşyrdylar. 

Netijede, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gazanylan ösüş depginleri 107,3 göterime we 105,2 göterime deň boldy. Şeýle möçberiň geçen dört aýda tutuş «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça gazanylan netijeleriň üçden birinden hem köp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň