TGM-niň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly maslahat geçirildi

17:5522.05.2020
0
509

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine gowşurmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Köp sanly çykyşlara hem-de estrada aýdymlaryna baý bolan maslahatda Berdimuhamet Annaýewiň ýagşy göreldesini dabaralandyrýandygy üçin, milletiň Liderine alkyşly sözler aýdyldy. 

Çäräniň ahyrynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň adyna dabara gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň