Soňky habarlar

Arhiw

“Euro NCAP” ülňülerini täzeledi

13:1322.05.2020
0
822

Islendik awtoulag satuwa çykarylmazdan öň dürli synaglardan geçirilýär. Şolaryň biri hem ulagyň çydamlylygyny ölçeýän synagdyr. “Has howpsuz ulaglar üçin” şygary bilen iş alyp barýan “Euro NCAP” atly gurama ulaglaryň çydamlylygyna baha berýär. Has dogrusy ulag bir zada baryp uranynda nädereje abat galýandygyny anyklaýar. Gurama şu ýyldan başlap bu ölçeglere täze ülňüleri girizdi. Mundan beýläk ulagyň baryp urýan päsgelçiligi hereketli bolar. Adaty päsgelçiligiň ornuny tutjak täze diwar ulagyň sürüji oturgyjyndaky manikene we ulagyň öň tarapyna nähiliräk zeper ýetirendigini görkezer. Şeýle hem mundan beýläk “Thor” lakamly orta boýly täze manikenden peýdalanylar. Şeýle hem täze düzgüne görä ulagyň gapdaldan gelýän urgyny näderejede sowup biljekdigi barlanylar. Ýagny ulagyň iki gapdalyna ýerleşdirilen howa ýassyklarynyň ygtybarlylyga täsiri ölçener. Awtomat duruzyjy we pyýadalaryň howpsuzlygy üçin oturdylan tehnologiýalara hem baha berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň