Üç ölçegli, emeli aňly alypbaryjy

10:3322.05.2020
0
1022

Hytaýyň “Sogou” şereketi bilen “Xinhua” habarlar agentligi dünýäniň ilkinji üç ölçegli, emeli aňly alypbaryjysyny işläp taýýarladylar. Hyýaly alypbaryjy “Xinhua” agentliginiň habarçysy Žao Wanweýe meňzedilipdir. Ony döretmek üçin kino sungatynda ulanylýan algoritmler we ýokary hilli 3D tehnologiýasyndan peýdalanylypdyr. “Sogou” şereketi 2018-nji ýylda emeli aňly 2D alypbaryjyny tanyşdyrypdy. 2019-njy ýylda bolsa şol alypbaryjynyň rusça gepläp bilýän görnüşi döredilipdi. Akgynly gürlemegi başarýan alypbaryjy beden hereketlerini hem edil adamyňky ýaly ýerine ýetirýär. “Sogou” bu tehnologiýany has hem kämilleşdirmegini dowam etdirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň