Arhiw

Ýaponiýanyň «Sojitz Corporation» kompaniýasy türkmen tarapy bilen himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär

10:2522.05.2020
0
3837
Ýaponiýanyň «Sojitz Corporation» kompaniýasy türkmen tarapy bilen himiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär

Penşenbe güni «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde «Sojitz Corporation» ýapon kompaniýasynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilip, onuň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýapon kompaniýasynyň wekilleri milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň himiýa senagatyny ösdürmek baradaky strategiýasyna ýokary baha bermek bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Agzalyp geçilen strategiýa ýurdumyzyň baý serişdelerini netijeli ulanmaga hem-de pudagyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.

Himiýa pudagyndaky bilelikdäki taslamalar, şol sanda Türkmenabadyň himiýa zawodynda fosfor dökünlerini öndürýän önümhanany gurmak hakynda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Sojitz Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly Ylalaşyk barada pikir alyşmalar boldy.

Bellenilişi ýaly, hyzmatdaşlygyň bu ugry ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda dürli himiýa önümleriniň çykarylýan möçberiniň artmagyny nazara alanyňda möhüm ugur bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň