Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti soganyň, ýeralmanyň we beýleki gök önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy

05:3022.05.2020
1
13464

Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary E.Orazgeldiýewiň hem-de Ş.Durdylyýewiň gatnaşmaklarynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurduň ilatyny türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän azyk önümleri bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan, ilkinji nobatda, amala aşyrylmaly wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezident iş maslahatyny açyp, ýurduň oba hojalygyny ösdürmek barada ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işleriň seljeriljekdigini we şunuň bilen baglylykda, öňde durýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Milli Lider bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde, şu günler obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini yzygiderli artdyrmaga, ekerançylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Ilaty Türkmenistanda öndürilýän ýeralma, sogan hem-de beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda ýerine ýetirilýän maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde görülýän çäreler hasabatyň özenini düzdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly beren görkezmesine laýyklykda, pudaga obasenagat toplumyny has-da kämilleşdirmäge ýardam berýän sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde şu günler ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp hem-de obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ünsi çekip, häzirki tapgyrda bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň aýratyn zerurdygyny nygtady. Munuň özi oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýetişdirilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga ýardam berer.

Biziň ýurdumyz oba hojalyk önümleriniň öndürilmeginde özüni üpjün edip bilýän döwlet bolmalydyr, bazarlarymyz dürli önümlere baý bolup, türkmenistanlylaryň ýokumly iýmitlere isleglerini üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Şeýle-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmaga hem-de oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça hemme zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany ýurduň içerki bazarynyň tutuş ýylyň dowamynda zerur azyk önümleri bilen üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezident Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda oba hojalyk pudagy üçin örän zerur bolan mineral dökünleriň öndürilişiniň ýeterlik mukdaryny üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu ugurda dökünleri öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilikleri döwrebaplaşdyrmagyň we gaýtadan enjamlaşdyrmagyň ýerine ýetirilýändigi barada habar berildi.

Hasabatyň çäklerinde dökün önümçiligi bilen meşgullanýan senagat kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we olary gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgama geçmek işini çaltlandyrmak, ähli düzümlere täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Hormatly Prezident oba hojalygynyň senagat önümçiligi bilen birlikde utgaşykly işlemegini gazanmagyň ileri tutulýan wezipedigine wise-premýerleriň ünsüni çekdi we şunuň bilen baglylykda, olaryň öňünde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, ýurtda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada tabşyryk berdi. Hormatly Prezidentiň nygtaýşy ýaly, ýurdumyza daşyndan getirilýän gök-bakja önümleriniň möçberlerini azaltmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ekilýän meýdanyny giňeltmek hem-de goşmaça gök-bakja ekinleriniň ekilmegi üpjün edilmelidir.

Tohumlyk ýeralmanyň, soganyň özümizde doly möçberde öndürilmegini üpjün etmegi gazanmak zerurdyr diýip, milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutany bu gök ekinleriň daýhan birleşikleri we hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem-de hususy hojalyklarda ekilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, welaýatlarda ýetişdirilýän ýeralmanyň, soganyň we gök-bakja önümleriniň öndürijilerden satyn alynmagy hem-de olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi üpjün edilmelidir. Ýurtda häzirki wagtda öndürilýän we goşmaça öndürilmegi meýilleşdirilýän ýeralmany, sogany hem-de gök-bakja önümlerini talabalaýyk saklamak hem-de ilatymyzy bu önümler bilen tutuş ýylyň dowamynda üpjün etmek maksady bilen, zerur sowadyjy ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň dowam etdirilmegi zerurdyr.

Milli Lider welaýatlarda ekilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk geçirilmegi, bu önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak üçin önüm öndürijileri zerur ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutany sowadyjy ammarlary gurmak işlerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giňden çekilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, ýurdumyzda ekilýän oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ýurduň welaýatlarynda ekilýän ýeralma, sogan we gök-bakja ekinleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda bellenen möhletde hem-de zerur möçberlerde mineral dökünler bilen üpjün edilmelidir. Milli Lider şu maksat bilen mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezident berlen tabşyryklaryň häzirki wagtda örän möhümdigini nygtamak bilen, şolary ýerine ýetirmek ugrundaky işleriň utgaşykly we netijeli häsiýete eýe bolmagyny talap etdi. Milli Lider bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şu günki maslahatyň dowamynda kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýdyp, oňa gatnaşyjylara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň