Türkmen wekilleri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (WTCF) wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi

05:2322.05.2020
0
21212
Türkmen wekilleri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (WTCF) wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi

Penşenbe güni Aşgabat şäheriniň häkimliginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (WTCF) wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Olara Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Medeniýet we Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu gurama dünýäniň ençeme paýtagtlaryny hem-de megapolislerini özünde birleşdirýär. Bu wakany hem-de hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamyň öňünde goýan wezipelerini nazara almak bilen, gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol hyzmatdaşlyk syýahatçylygyň milli ulgamynyň ösdürilmegini hem-de «Merkezi Aziýanyň merjeni» diýlip ykrar edilen ak mermerli Aşgabadyň ägirt uly mümkinçilikleriniň ulanylmagyny ugur edinýär.

Bellenilişi ýaly, paýtagtyň sazlaşykly ösýän halkara syýahatçylyk guramalarynyň biri — Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasyna girizilmegi dünýä giňişliginde ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini işjeň ilerletmäge kömek eder. Munuň özi köp sanly daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda meşhurlygy bilen tanalýan ýurdumyzyň özboluşly taryhy-binagärlik, medeni we tebigy gözellikleri bilen şertlendirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň