Soňky habarlar

Arhiw

“Dyson” elektrokar öndürdi

15:1821.05.2020
0
1362

Elektrik energiýasy bilen işleýän öý hojalyk tehnologiýalaryny öndürýän “Dyson” kompaniýasy maşyn öndürdi. Nusgalyk görnüşde öndürilen ulag bir gezekki zarýady bilen 965 km ýol geçýär. Bu görkeziji beýleki elektrokarlardan ortaça iki esse ýokarydyr. Häzirlikçe “N526” ady berlen ulagyň batareýasyny kompaniýanyň özi öndüripdir. Ulagda iki sany batareýa oturdylyp, olaryň her biri 200 kW tok öndürýär. 7 orunlyk SUV klasyna degişli bolan elektrokar 100 km/s tizlige 4,8 sekuntda çykýar. Ulagyň ýokary tizligi sagatda 200 km. “The Times” neşiriniň habaryna görä, nusgalyk ulagy kämilleşdirmek üçin häzire çenli 500 million funt sterling sarp edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň