Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen BMG-niň wekiliniň arasynda koronowirusa garşy göreşmek boýunça wideomaslahat geçirildi

23:4720.05.2020
0
3462

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleriniň hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýanyndaky Hemişelik wekiliniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň assambleýasynyň 73-nji sessiýasy ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy ― diýip, TDH ýazýar.

Dünýäni gurşap alan COVID-19 pandemiýasy hem-de oňa garşy göreşmek boýunça çäreler wirtual görnüşde geçirilen halkara forumyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň ýiti ýokanç keseline garşy göreşmäge taýýarlygy hem-de howply ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almaga gönükdirilen dessin täsir ediş çärelerini üpjün etmegiň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy we ýakynda kabul edilmegi nusga alarlyk mysal hökmünde görkezildi.

Onlaýn-duşuşyga gatnaşyjylar bu meýilnamany amala aşyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, howply kesellere, hususan-da, koronawirusa garşy göreşmek maksadynda hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklaryň zerurdygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň