TÝL ― 2020, 9-njy tapgyr: «Altyn asyr» «Ahaly» bu gezek hem ýeňdi

00:1020.05.2020
0
2449

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda çempionlyk ugrundaky göreşiň esasy dalaşgärleri «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlary duşuşdylar ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

«Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda netijeli oýun görkezen «Altyn Asyr» topary 2:1 hasabynda üstün çykdy. «Altyn Asyra» ýeňiş getiren toplary Mihail Titow bilen Altymyrat Annadurdyýew geçirdiler. A.Annadurdyýewiň derwezelere geçiren 8 topy bilen iň köp tapawutlanan oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeleýändigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 18 utuk toplan «Altyn Asyr» ýaryş tertibinde öňdäki orna geçmegi başardy. Ikinji orny eýeleýän «Ahal» toparynyň hem 18 utuk toplady. Ýöne özaralaryndaky duşuşyklaryň netijelerine görä «Altyn Asyr» birinji orny eýeleýär. «Ahalyň» garşydaşyna garanyňda bir duşuşygy az geçirendigini ýatladýarys.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyry 23-nji hem-de 24-nji maýda geçiriler: «Aşgabat» – «Energetik», «Nebitçi»  – «Köpetdag», «Merw» – «Ahal», «Altyn Asyr» – «Şagadam»

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 

«Ahal» – «Altyn Asyr» – 1:2

Gollar: 45+1 Elman Tagaýew 11 m.j.u. («Ahal») – 11 Mihail Titow, 53 Altymyrat Annadurdyýew («Altyn Asyr»)

Duýduryşlar: 22 Ilýa Tamurkin, 26 Serdar Annaorazow, 44 Güýçmyrat Annagulyýew, 80 Hojaahmet Arazow (baş tälimçi), 90 Gurbanguly Aşyrow («Ahal») – 12 Mekan Saparow, 45+1 Mämmet Orazmuhammedow, 90+1 Begençmyrat Myradow («Altyn Asyr»)

Geçirilen ýeri: «Aşgabat» stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Şageldi Hydyrow (Balkanabat ş.), Berdimämmet Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Alibek Sapaýew (Daşoguz ş.)

Gözegçi emin: Raşit Pälwanow (Daşoguz ş.)

Duşuşygyň komissary: Berdimyrat Nurmyradow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1500.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň