Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5919.05.2020
0
11168

19-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesi gününe gabat gelen iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşine degişli meseleler girizildi ― diýip, TDH habar berýär.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, iri desgalardaky gurluşyklarda işleriň ýagdaýy hem-de Aşgabat şäheriniň gününe we «Soňky jaň» dabarasyna hem-de beýleki şanly senelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleriň döredilmegini we şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny belledi, Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň köçelerini hem-de ekologiýa ýagdaýyny nazarda tutup, seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany häkime Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanylmaga tabşyryljak desgalardaky işleriň ýokary hil derejesine we olaryň öz wagtynda ulanyşa girizilmegine degişli meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak, Aşgabat şäheriniň gününe hem-de mekdeplerdäki «Soňky jaň» mynasybetli dabaralary guramak, Bütindünýä welosiped gününe taýýarlyk görmek barada hem tabşyryklary berdi. Şeýle hem häkime çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmek hem-de suw-sport toplumlarynda, ýüzülýän howuzlarda, şol sanda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň kenarlarynda dynç alyş üçin döwrebap şertleri döretmek barada hem tabşyryklar berildi.

Welaýatlaryň häkimleri oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda kadaly gögeriş gazanylan meýdanda gowaçany ýekelemek, 1-nji hatarara bejergi işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk alyp barmak, otag işlerini öz wagtynda geçirmek boýunça görülýän çäreler, galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem sebitiň gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak baýramçylyklaryň guramaçylygy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, hatarara bejergisini we beýleki möhüm işleri öz wagtynda geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, gowaça ideg etmekde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem häkimlere galla oragyna taýýarlyk görmek, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirilmek, ulularyň we çagalaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramak, ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny ýokary derejede geçirmek barada tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň