Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-inde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen onlaýn geňeşmeler geçirildi

23:5819.05.2020
0
3499

19-njy maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen onlaýn geňeşmeleri geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ösen üstaşyr-ulag ulgamyny döretmek hem-de bu ugurda ýöriteleşdirilen abraýly bilimler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek milli Liderimiziň ýöredýän döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy başyny başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden, Milletler Bileleşiginiň agza-döwletleri tarapyndan goldanylan hem-de biragyzdan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly kararnama Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary üçin esas bolup durýandygyna üns berildi.

Soňky ýyllarda emele gelen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanmanyň bardygyny aýtmak bilen wideomaslahata gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde täze ulag ýollaryny döretmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň ugurlary barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň