Türkmen wekiliýeti FAO-nyň bilermenleri bilen oba hojalygy boýunça maslahatlaşdylar

23:4519.05.2020
0
3605

19-njy maýda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň iş maslahatynyň gün tertibine oba hojalygyny ösdürmek hem-de azyk önümleriniň yzygiderli önümçiligini üpjün etmek baradaky wajyp meseleler girizildi.

Onlaýn görnüşindäki duşuşygyň çäklerinde, şeýle hem COVID-19 koronawirus ýokanjynyň azyk howpsuzlygyna ýaramaz täsirini azaltmak boýunça sebitiň ýurtlarynyň oba hojalyk ulgamyna degişli edaralarynyň alyp barýan işleri bilen baglylykda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynda pudagy düýpli özgertmäge we kämilleşdirmäge, onuň gaýtadan işleýiş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmaga, ilaty özümizde öndürilýän ýokary hilli azyk önümleri bilen doly derejede üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdylar.

Şeýle hem döwlet serhetlerinde fitoarassaçylyk hem-de weterinar gözegçiligini güýçlendirmek boýunça öňüni alyş çärelerini amala aşyrmagyň hasabyna ýurdumyza koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak babatda türkmen tarapynyň alyp barýan oňyn tejribesi bellenildi.

Öz çykyşlarynda iş maslahatyna gatnaşan FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Wladimir Rahmanin hem-de FAO-nyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu sebitdäki ýurtlaryň azyk we oba hojalyk ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmegiň durnukly gurallaryny saklamagyň we ulanmagyň zerurdygyny bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň