Soňky habarlar

Arhiw

Kazanyň milli barlag tehnologiki uniwersiteti we türk kompaniýasy Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmäge gatnaşar

23:1319.05.2020
0
11295

19-njy maýda Türkmenistanyň  Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda bu institutyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan milli barlag tehnologiki uniwersitetiniň garamagyndaky ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, şeýle hem şol institutda ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Türkiýe Respublikasynyň «Maltaş Maden Kimýa Mak. Nakl. Ltd. Şti» kompaniýasynyň hünärmenleri we alymlary bilen onlaýn görnüşde ylmy maslahatlar geçirildi.

Hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň esasy görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, täze kompozit serişdelerini we beýleki himiýa tehnologiýalaryny peýdalanmakda bilelikdäki barlaglaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, senagat pudagy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem gurluşyk serişdeleri senagaty batly depginler bilen ösdürilýär. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, daşary döwletlerde uly islege eýe bolan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berer.

Duşuşyga gatnaşyjylar degişli ugurda bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň