Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Özbegistan halkara awtoulag gatnawlaryny bökdençsiz ýola goýmagy maslahatlaşýar

21:4719.05.2020
0
10912

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde wideomaslahat görnüşinde Halkara awtoulag gatnawlary boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH ýazýar.

Onlaýn mejlise gatnaşyjylar soňky ýyllarda bilelikde iri ulag-üstaşyr taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, iki döwleti birleşdirýän halkara geçelgeleriniň, hususan-da, sebit ýollarynyň möhüm bölegine öwrülen, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleriniň strategik ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda halkara awtoulag gatnawlarynyň bökdençsiz hereketini üpjün etmek boýunça Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy barada aýtmak bilen, sebitde we dünýäde pandemiýanyň täsirine garşy göreşmek işinde Türkmenistanyň netijeli ornuny bellediler.

Taraplar bilelikdäki giň gerimli düzüm taslamalaryny, şol sanda logistika ulgamynda, şeýle hem täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň taslamalaryny amala aşyrmakda goňşy döwletleriň geljekki hyzmatdaşlygy babatda pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň