«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi

20:0719.05.2020
0
766

Ýakynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 7 ― 14 ýaş aralygyndaky zehinli çagalaryň 280-si gatnaşdy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýaş sungat wekilleri bäsleşikde ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tans, folklor çykyşlary arkaly güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, bagtyýar çagalygy, agzybirligi, dost-doganlygy, gözel tebigatymyzy, milli gymmatlyklarymyzy uly joşgun, buýsanç bilen wasp etdiler. 

Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan çagalara onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň