Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyryna asfalt düşelip başlandy

20:0219.05.2020
0
1485

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu günler Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň gurluşygyny ýokary depgin bilen alyp barýarlar ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Bu iş «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň potratçylary «Altyn nesil», «Hyzmat merkezi», «Edermen» hojalyk jemgyýetleri, şeýle-de «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar. 

Awtobanyň gurluşygynda jemi 4 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Şu günler ýoluň gurluşygy alnyp barylýan aglaba böleginde daş düşemek işleri dowam edýär. 

1-nji hem-de 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygy 30 santimetrden, 3-nji hem-de 4-nji gatlara bolsa, degişlilikde 20 santimetrden çagyl düşelýär. Ýoluň aşaky gatlaryna geotekstil düşeginiň, geogözenegiň ýazylmagy, galyňlygy 1 metre ýetýän 3 gat asfalt düşelmegi onuň döwrebap inženerçilik talaplaryna doly laýyk gelýändigini görkezýär. Awtobanyň ugrunda awtomobil, demir ýollaryň üstünden geçýän köprüleriň 15-si, ýaplaryň, zeý akabalarynyň, silleriň suwlaryny sowýan geçitleriň üstündäki köprüleriň 25-si gurulmaly. Şeýle-de ýoluň aşagyndan geçýän emeli desgalar, demir-beton turbalar, mal geçiriji ötükler, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 237-si gurlar. 

Ýoluň gurluşygynda dünýä belli kompaniýalaryň tehnikalarynyň 2 müň töweregi işledilýär. 1100 samoswal, 151 kepje (pogruzçik), 38 buldozer, 47 greýder, 113 demrikdiriji (katok), 46 ekskawator, 25 beton garyjy maşyn, 22 ýük göteriji awtokran, 117 suw daşaýjy we suwlaýjy awtoulag, 20 ýangyç daşaýjy awtoulag, 20 sement daşaýjy awtoulag işledilýär. Şeýle-de beton garyjy merkezleriň 2-si, daş-çagyl üweýji, asfalt garyjy hemişelik hem-de mobil-göçürilýän zawodlaryň onlarçasy gurluşygyň depginli alnyp barylmagyna şert döredýär. 

Awtobanyň ugrunda awtoulag, demir ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň, ýerasty geçelgedir geçitleriň ençemesi bar. Onuň iki tarapynda-da gözenekli haýaty, bellenen ýerlerde hyzmat ediş, dynç alyş we beýleki infrastruktura desgalaryny gurmak, ýol ugrunda töleg, wideogözegçilik, aragatnaşyk, tizligi we howa maglumatyny kesgitleýji ulgamlary, awtoulaglaryň agramyny ölçeýji enjamlary gurnamak göz öňünde tutulan.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň