Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi

19:2019.05.2020
0
20395

Surat: «Туркменистан: Золотой век»

Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkezinde Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hasabat konserti geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Konsertde kompozitor Rejep Rejebowyň «Türkmenistanym», kompozitor Çary Nurymowyň täzeden işlän «Şelepli durna» türkmen halk sazy, Uzeir Gajybekowyň «Gyzlaryň tansly hory», «Şşedrik» atly ukrain halk sazy, «Dost-doganlyk kakuwlary», «Ýylgaýlar» halk sazy bilen birlikde, I.S.Bahyň «2 skripka we orkestr üçin konsert», A.Haçaturýanyň «Gaýane» baletinden «Lezginka» ýaly meşhur eserleri ýaňlandy. 

Konsert Annameret Gurbanowyň «Alkyş sa¬ňa, şöhrat sa¬ňa, Arkadag!» atly aýdymy bilen jemlenildi. 

Hasabat konsertinde belentden ýaň¬lanan eserleri ýörite sazçylyk mekdebiniň halk saz gurallary, milli saz gurallary, üflenip çalynýan saz gurallary, kirişli saz gurallary orkestrleri, bagşylar, tans, gyjakçylar, deprekçiler, akkordeonçylar, tüýdükçiler, hor toparlary, kamera, simfoniki orkestrleri ýerine ýetirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň