Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

11:5119.05.2020
0
7328

18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Onda belli ýerine ýetirijileriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Sungat ussatlary öz çykyşlaryny türkmen halkynyň bagtyýar eýýamyna, gazanýan ägirt uly üstünliklerine we mähriban Watanymyzyň eýelän sepgitlerine bagyşladylar ― diýip, TDH habar berýär.

Baýramçylyk konserti Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň hem-de ýurdumyzyň folklor tans toparlarynyň we teatr artistleriniň ýerine ýetiren «Arkadagyň ak ýolunda, baky parla ýaşyl Tugum!» atly edebi aýdym-sazly çykyşlar bilen açyldy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kompozisiýany «Laçyn» folklor toparynyň agzalary ýerine ýetirdiler. Döwlet tans toparynyň, «Galkynyş», «Meňli», «Aşgabat», «Näzli» tans toparlarynyň çykyşlary belent ruha beslenen aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Täsirli çykyşlar tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

«Serpaý» hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň folklor-tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy «küştdepdi» tansy konsertiň şowhunyny artdyrdy.

Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Goý, baky parlasyn Watan Baýdagy!» atly aýdym baýramçylyk konsertiň jemlenmesine öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň