Döwletliler köşgüniň çagalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy

23:5618.05.2020
0
9855

Düýn paýtagtymyzdaky Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde hormatly Prezidentimiziň köşkde terbiýelenýän çagalara mukaddes Oraza aýy hem-de Gadyr gijesi mynasybetli iberen süýjülik sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary, Demokratik partiýanyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Ge¬ňeşiniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň okamaklary, öwrenmekleri, sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary, şonuň bilen birlikde-de olaryň dynç almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda bellenilip geçildi. 

Bu ýerde terbiýelenýän çagalar Gahryman Arkadagymyzyň özleri hakynda edýän yzygiderli atalyk aladalaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sagbolsun aýtdylar. Soň¬ra dabara aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Döwletliler köşgüniň aýdym-saz toparynyň ýaşajyk aýdymçydyr sazandalarynyň, «Joşgun» tans toparynyň tansçylarynyň, «Gündogar kakuwlary» deprekçiler toparynyň ýaş deprekçileriniň ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň täsirini artdyrdy.

Häzirki wagtda Döwletliler köşgünde 273 çaga terbiýelenilýär. Olaryň okamaklary, dynç almaklary, sport, şeýle hem döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler döredilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň