Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, ýaşlar ligasy: «Altyn asyryň» ýaşlary «Ahalyň» ýaşlaryny Myratberdiýewiň pokeri bilen ýeňdi

23:4718.05.2020
0
5489

18-nji maýda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirildi. Onda “Ahal II” topary ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Altyn Asyr II” toparyny kabul etdi. Geçirilen duşuşykda netijeli oýun görkezen Aziz Kambarowyň tälim berýän “Altyn Asyr II” topary 6:2 hasabynda ynamly ýeňiş gazanyp, 9 oýunda 27 utuk toplamagy başardy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen duşuşykda 18 utukdan toplan “Nebitçi II” bilen “Köpetdag II” toparlary ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlaryny eýeleýärler.

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çempionatyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary 22-nji hem-de 23-nji maýda geçiriler.

 

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Ahal II” – “Altyn Asyr II” – 2:6

Gollar: 35, 90+1; 11 m.j.u. Nepes Lallakow ― 14, 18, 31, 76; 11 m.j.u. Rahman Myratberdiýew, 66 Begenç Akmämmedow, 80 Igor Sekow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň