Futbol, Ýaşlar ligasy: «Köpetdag» bilen «Nebitçi» ýene ýeňiş gazandy

19:2117.05.2020
0
4036
Futbol, Ýaşlar ligasy: «Köpetdag» bilen «Nebitçi» ýene ýeňiş gazandy

17-nji maýda Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 9-njy tapgyrynyň çäginde üç duşuşyk geçirildi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Köpetdag II” “Aşgabat” toparynyň ýaşlar düzümini 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýaynyň resmi saýty habar berýär.

Türkmenbaşyda ýerli “Şagadam II” topary Balkanabadyň “Nebitçisini” kabul edip, 0:3 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Mary şäherinde geçirilen duşuşykda “Energetik II” 2:0 hasabynda “Merw II”  toparyndan üstün çykdy.

Şeýlelikde, 18 utukdan toplan “Nebitçi II” bilen “Köpetdag II” toparlary eýeleýän ikinji, üçünji orunlaryny saklap galdylar. Geçiren duşuşyklarynda 24 utuk toplan “Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzümi ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çempionatyň 9-njy tapgyry 18-nji maýda “Ahal II” hem-de “Altyn Asyr II” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Köpetdag II” – “Aşgabat II” – 2:1

Gollar: 11 Elýasberdi Berenow, 63 Arzuw Allaberdiýew ― 45+1 Jumamyrat Jumaýew.

 

“Şagadam II” – “Nebitçi II” – 0:3

Gollar: 24 Sapa Arazgylyjew 11 m.j.u., 30 Ýylgaýguly Abdullaýew, 90 Remezan Arazgeldiýew.

 

“Energetik II” – “Merw II” – 2:0

Gollar: 61 Rahim Seýidow, 90 Babanyýaz Çaryýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň