Türkmenistanyň DHÇMB-de geçen hepde 480 müň dollara golaý geleşik baglaşyldy

22:5416.05.2020
0
7361

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy ― diýip, TDH habar berýär.

Daşary ýurt puluna Azerbaýjandan, Türkiýeden, Gruziýadan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler nah ýüplügi, şeýle hem Russiýadan gelen işewür toparyň wekilleri boýalan tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 480 müň dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden we Türkiýeden gelen täjirler jemi bahasy 2 million 783 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 112 million 400 müň manatlykdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polietileni («Türkmengaz» DK) we pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň