Soňky habarlar

Arhiw

Ýaýdan nyşana atmak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

15:3316.05.2020
1
8346

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ýurdumyzyň Milli Ýaý atyjylyk federasiýasynyň bilelikde guramagynda sportuň ýaýdan nyşana ok atmak görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Çekeleşikli geçen birinjilige Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan, şeýle-de paýtagtymyzdan jemi 50 türgen gatnaşdy. 

Ýaryş nusgawy ýaýdan 18 metr aralyga ok atmak boýunça 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenleriň arasynda hem-de 2002 — 2006-njy ýylda doglan türgenleriň arasynda geçirildi. Şeýlelikde, nusgawy ýaýdan 18 metr aralyga ok atmak boýunça 2007-nji ýylda doglan we ondan kiçi ýaşly türgenlerden Ezizmuhammet Sähedow 1-nji orna, Aýlar Hangeldiýewa 2-nji orna, Şiraly Babaýew bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. 

Ýaryşyň bu görnüşi boýunça 2002 — 2006-njy ýylda doglanlaryň arasynda 1-nji orna Selim Hajyýew, 2-nji orna Wadim Merziklin, 3-nji orny Aýna Orazgeldiýewa eýeledi. 

Ýeňiji bolan türgenler Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary we Milli Ýaý atyjylyk federasiýasynyň medallary bilen sylaglandylar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň