Türkmenistanyň Prezidenti tomus paslynda dynç almaga amatly merkezleri kesgitledi

11:0716.05.2020
1
22547

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň hasabatyny diňledi. Ministr ýolbaşçylyk edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň tomsunda ýurduň raýatlarynyň dynç almagynyň meseleleri hakynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň çözgüdi barada hasabat berdi.

Prezident Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlarymyz üçin syýahatçylygy, dynç alşy hem-de suwa düşmegi çäklendirmeli, tomusky dynç alyş möwsüminde Aşgabatdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli, çagalaryň we ýetginjekleriň tomus möwsüminde mekdepleriň ýanyndaky meýdançalarda hem dynç alşynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmeli, dynç alyş merkezlerinde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreleri guramaly diýip belledi.

Hormatly Prezident tomusky dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmek we berkitmek üçin Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz» we «Berzeňňi» şypahanalarynda ähli zerur bolan şertleri döredip, olaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş möwsümine ýurdumyzyň käbir ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli bolan saglygy dikeldiş merkezlerini hem doly taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.
Raýatlarymyzyň dynç alyş möwsümini lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmeli. Şeýle hem zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň ätiýaçlyk goruny döretmeli.

Ähli dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezlerinde yzygiderli zyýansyzlandyryş işlerini geçirmeli.

Döwlet Baştutany Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Energetik» we «Nebitçi», Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Mirap» we «Jennet» hem-de Darganata etrabyndaky «Gazojak», Mary welaýatyndaky «Melhem», «Garagum», «Çynar» we «Şatlyk» şypahanalarynda raýatlarymyzyň talabalaýyk dynç almagyny we saglygyny berkitmegini guramagy tabşyrdy.

Biz raýatlarymyzyň asuda we sagdyn ýaşamagy, kesellemezligi üçin geljekde hem ähli zerur çäreleri göreris diýip, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň