Türkmenistanyň milli saglyk syýasaty Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan nusgalyk diýip ykrar edildi

23:5615.05.2020
0
11711

Anna güni BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda onlaýn görnüşde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň hemişelik komitetiniň 4-nji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça wideoforuma ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, milli saglygy goraýyş boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň tejribesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan nusgalyk diýip ykrar edildi hem-de öwrenmek üçin beýleki ýurtlara teklip edildi.

Milli Lider tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “Saglyk” maksatnamasy, onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goraýyş ulgamyny halkara ülňüleriniň derejesine çykardy. Saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistan lukmançylyk işgärlerini we ylmy işgärleri taýýarlaýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek bilen, saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alşylmagyna ýardam berýän halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berýär.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen görülýän anyk çäreleriň hatarynda öňüni alyş işleriniň güýçlendirilmegi, döwrebap lukmançylyk tehnologiýalarynyň we enjamlaryň, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň wagyz edilmegi ýaly çäreler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň