Özbek lukmanlary täjik kärdeşlerine ýardam berýär

12:3715.05.2020
0
771

Özbegistanly lukmanlaryň sekizisi koronowirus ýokanjyna garşy göreşmekde öz tejribesini täjik kärdeşleri bilen hem paýlaşmak üçin şu günler Duşenbe şäherinde iş saparynda bolýarlar ― diýip, «UzTAG» habar berýär.

Bu iş sapary Özbegistanyň goňşy döwlete ynsanperwerlik kömegini bermek baradaky maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Duşenbe şäherinde işleýän düzümiň hatarynda anesteziolog-reanimatolog, pulmanolog, epidemolog, infeksiýaçy we wirusolog lukmanlar bar. Bu ýerde özbek lukmanlary COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça toplan tejribelerini täjik kärdeşleri bilen paýlaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Täjigistan soňky günlere çenli koronowirusdan arassa döwletleriň hataryndaky ornuny saklap gelen hem bolsa, ahyrky barlaglaryň netijesinde ýurda bu keseliň aralaşandygy kesgitlenildi. Häzirki günlerde täjik hökümeti keseli iň az pida bilen ýeňmek üçin berk çäreleri alyp barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň