Türkmenistanda talyplar lukman gözegçiliginden geçirilip başlandy

12:0815.05.2020
1
17772

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji maýynda geçiren göçme mejlisinde ýurdumyza ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak barada beren tabşyryklary gündogar sebitde hem yzygiderli amala aşyrylýar. Welaýatda mekdep okuwçylaryny lukmançylyk barlaglaryndan geçirmek işleri tamamlanyp, häzir barlaglar talyplarda we harby gullukçylarda dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Şu günler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda degişli saglyk öýleriniň lukmanlary talyplary lukmançylyk barlagyndan geçirmek boýunça gündelik işleri alyp barýarlar. Ýörite toparyň düzüminde saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça lukmanlar bar. Olar ýokary okuw mekdebinde hünär öwrenýän talyplary birme-bir gözegçilikden geçirip, olaryň saglyk ýagdaýy barada ýörite netijenamany taýýarlaýarlar. 

Welaýat ýörite sungat mekdebinde, Türkmenabadyň lukmançylyk orta mekdebinde we sebitdäki başlangyç, orta-hünär okuw mekdepleriniň ählisinde şeýle barlaglaryň yzygiderli depgin bilen dowam etdirilýändigini aýtmak gerek. 

Türkmneistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen welaýatda onlarça saglyk öýleri guruldy, ozaldan işläp gelýänleriniň hem durky täzelenip, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Şol saglyk öýleriniň lukmanlary häzirki dowam edýän göçme barlaglara ýakyndan gatnaşýarlar. Şol sanda olarda barlaglaryň ikinji we üçünji tapgyrlaryna hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. 

Ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde hem nygtalşy ýaly, ikinji tapgyrda şeýle barlaglary guramalarda we edaralarda işleýänleriň arasynda, üçünji tapgyrda bolsa uly ýaşly adamlaryň arasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň