Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen «TYPSA» senagat desgalaryny gurmak boýunça gepleşikleri geçirdiler

23:5012.05.2020
0
13579

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde Ispaniýanyň «TYPSA» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde iş maslahaty geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Wideomaslahatyň dowamynda dürli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de dürli pudaklarda isleglere eýe bolan önümleriň giň görnüşlerini öndürmek boýunça senagat desgalarynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda raýat gurluşygy we binagärlik ulgamynda ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi.

«TYPSA» kompaniýasynyň gurluşyk senagatyny ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy, dürli ugurlarda ýöriteleşdirilen zawodlaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak hem-de ýokarda görkezilen ulgamlarda işgärleri taýýarlamak babatynda özara gyzyklanma we hyzmatdaşlyga taýýarlyk beýan edildi, şeýle hem bu babatda anyk teklipler aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň