Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda wideomaslahat geçirildi

20:2112.05.2020
0
6323

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Rumyniýanyň arasynda wideomaslahat görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi, olaryň dowamynda ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy ― diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adatdan daşary ýagdaýlar şertlerinde bökdençsiz halkara ulag gatnawlaryny üpjün etmek boýunça öňe süren başlangyjy barada aýtmak bilen, sebitde we dünýäde pandemiýanyň täsirlerini ýeňip geçmekde Türkmenistanyň eýeleýän netijeli ornuny nygtadylar.

Ulag – telekommunikasiýa pudagynda hyzmatdaşlyk, şol sanda «Hazar deňzi — Gara deňiz» Halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygynyň taslamasyny taýýarlamak meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet we hususy bölegiň wekilleriniň arasynda dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde Ykdysady we ylmy – tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen – rumyn toparynyň ähmiýetli orny bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň