Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti daşky gurşawy goaramak bilen bagly onlaýn maslahata gatnaşdy

23:4411.05.2020
1
3695

11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň 2022 ― 2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasyny taýýarlamak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly köptaraplaýyn iş maslahaty geçirildi. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Maslahatyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň wekilleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Alžiriň, Litwanyň, Perunyň, Serbiýanyň, Gruziýanyň, Kanadanyň daşky gurşawy goramak boýunça ygtyýarly edaralarynyň we Daşary işler ministrlikleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekilleri wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň dowamynda 2022 ― 2025-nji ýyllar üçin orta möhletli strategiýasynyň işlenip taýýarlanyşy boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öz gezeginde türkmen wekiliýeti Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyz tarapyndan daşky gurşawyň goragy ulgamyndaky öňe sürülen başlangyçlar, hususan-da BMG-niň Aral boýunça ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagynyň ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň