Soňky habarlar

Arhiw

Wideomaslahatda türkmen-ysraýyl gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşyldy

23:3411.05.2020
0
8247

Фото: mfa.gov.tm.

11-nji maýda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hem-de Ysraýyl Döwletiniň arasynda Daşary işler ministrlikleriniň wideomaslahat görnüşindäki geňeşmeleri geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmen wekiliýetine ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary, dostlukly ýurt tarapyndan bolsa, DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa hem-de Balkan ýurtlary departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini tassykladylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklary, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmekde ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti bellenildi.

Wideomaslahata gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, türkmen we ysraýyl önümleriniň özara eksportuny artdyrmagyň mümkinçiliklerine seretdiler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň etmek bilen, taraplar oba hojalyk pudagyna, saglygy goraýyş hem-de innowasiýalar ulgamynda tejribe alşylmagyna aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de Ysraýyl Döwletiniň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ugur bolup durýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar bu ugurdaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň