Arhiw

Türkmenistanda öndürilen gaplama baglary 500 kilograma çenli ýüki göterip bilýär

19:4911.05.2020
0
453
Türkmenistanda öndürilen gaplama baglary 500 kilograma çenli ýüki göterip bilýär

Telekeçi Şanazar Ýarjanowyň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhanada polipropilenden gaplama baglary (lentalaryny) öndürilýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Indi 2 ýyl bäri bu ugurda işläp, önümçiligiň abyny-tabyny ele alan işewüriň önümlerine, eksport harytlarynyň artmagy bilen, soňky döwür islegler has-da artdy. Onuň paýtagtymyzda ýerleşýän kärhanasynyň işe başlamagy bilen, owal daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň — dürli görnüşli gaplama baglarynyň bahasy 2 esse dagy arzanlady. Bahalaryň elýeterli bolmagynyň ýene bir sebäbi önümçilikde 95 göterim ýerli çig malyň ulanylýandygy, onuň galyndysyzdygy bilen bagly.

Häzirki wagtda kärhanada Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen enjamlar işledilýär. Olarda ini 8 — 16 millimetr, galyňlygy 0,5 — 1,2 millimetr aralygyndaky dürli reňkli baglar öndürilýär. Olar tegege saralan görnüşdedir. Her tegekde 2000 metre çenli bag bolýar. Olar ýükleri elde we awtomatik usulda berkidip daňmakda örän amatly bolup, görnüşine görä, 500 kilograma çenli agyrlygy göterýär. Müşderileriň isleglerine görä, täze görnüşleri hem öndürip bolýar.

Gaplama baglaryny aglaba ýurdumyzyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilen önümleri gaplamak üçin alýarlar. Olara isleg bolsa, barha artýar. Şeýle-de, Russiýa, Türkiýe, Belarus ýaly daşary döwletler hem bu önüme gyzyklanma bildirýärler. Şonuň üçin önümçilik kuwwatlylygy aýda 100 tonna barabar bolan kärhanany giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Geljekde Ýewropadan has-da ýokary öndürijilikli enjamlary getirmek meýilleşdirilýär. Onsoň, bagyň ýüzüne ýazgy ýerleşdirmek mümkinçiligi-de dörär. Bulardan başga-da, telekeçiniň polistiroldan bag ýasamak maksady bar. Önümiň bu görnüşi has uly agramlary götermäge ukyply.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň