Soňky habarlar

Arhiw

TOHI-de talyplara dünýä tehniklary öwredilýär

16:0511.05.2020
0
1537

Döredilenine 10 ýyl bolan Türkmen oba hojalyk institutynda talyplara dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary içgin öwredilýär. Munuň üçin institutyň okuw binasynda «Claas», «Komatsu», «Case» we «John Deere» okuw otaglary hereket edýär ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Bu okuw otaglary agzalan kompaniýalaryň tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilendir. Bu bolsa talyplaryň hünärini has içgin berkitmegine ýardam berýär.

«Tehnikalar satyn alynmazyndan ozal, tehnikalary ýörite synag edýän döwlet synag toparynda synagdan geçirilip, onuň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigi anyklanylýar. Häzirki wagtda «CLAAS» kompaniýasynyň ýokary kuwwatly tehnikalarynyň ýüzlerçesi ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda öndürijilikli işledilýär. «Axos 340» kysymly 3 teker hatarara bejergi işleri üçin niýetlenen traktoryň Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw-tejribe hojalygynda döwlet synagyndan geçirilendigini aýratyn bellemelidiris» diýip, neşirde aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň