BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili: “Türkmenistan wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin aýgytly çäreleri görýär"

18:5409.05.2020
0
28091

“GDA-nyň sesi” onlaýn radiosyna beren interwýusynda BMG-nyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-nyň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy Natalýa German Türkmenistan bilen parahatçylygy goramak we pugtalandyrmak, şeýle-de pandemiýa garşy göreşmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Bu barada “cenralasia.news” habar berdi.

Germanyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň, Sebit merkeziniň we BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň bilelikdäki tagallalary Türkmenistanyň ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreş baradaky milli düşünjesini ösdürýär.

Türkmenistanyň pandemiýa garşy göreşmek, wirusa barýan ýoly petiklemek boýunça ädilen ädimlerine ýokary baha berip, ýurduň durnukly sanitariýa ýagdaýynda galýandygy sebäpli, Türkmenistanyň şeýle alyş-çalyşyň işjeň goldawçysy bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny tüýs ýürekden goldaýandygyny aýtdy.

BMG-nyň ýörite wekili sebit ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki zaman aragatnaşyk usullary arkaly has işjeň tapgyra öwrülendigine oňyn baha berdi.

Natalýa German:

- Ýokary wezipeli işgärleriň gepleşikleri ýurtlaryň epidemiýa kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň täsirini peseltmäge, ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine, BMG başlangyçlaryny öňe sürmäge, birek-birege ynsanperwerlik kömegi bilen, şol sanda lukmançylyk enjamlaryny daşamaga kömek edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň