Türkmenistanyň halk ýazyjysy, görnükli türkmen şahyry Nobatguly Rejebow aradan çykdy

12:2508.05.2020
0
16178

Şahyr, dramaturg Nobatguly Rejebow türkmen edebiýatynda iň öndümli işlän şahyrdyr. Ol 07.05.2020 senesinde aradan çykdy.

 Nobatguly Rejebow 1946-njy ýylyň ikinji sentýabrynda Ýolöten  etrabynyň Sandykgaçy şäherçesinde demirýolçynyň maşgalasynda dünýä indi. 1964-njy ýylda orta mekdebi tamamlap, M.Gorkiý adyndaky  Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri fakultetiniň nemes dili bölümine okuwa girdi. 1969-njy ýylda şol okuw jaýyny tamamlady. 1969 – 1975-nji ýyllar aralygynda mekdepde mugallym bolup işledi. 1975 – 1977-nji ýyllarda «Tokmak» žurnalynda uly redaktor bolup, 1977 – 1980-nji ýyllarda «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor, A.Gulmämmedow adyndaky teatrda edebiýat bölüminiň müdiri bolup işledi. 1981-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli «Sowet edebiýaty» žurnalynda uly redaktor, 1986 – 1989-nji ýyl aralygynda «Edebiýat we sungat» gazetinde bölüm müdiri bolup zähmet çekdi. 1989-njy ýyldan 2012-nji ýyla çenli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde redaktor, baş redaktor  wezipelerinde işledi. Ömrüniň soňky günlerine çenli bolsa Alp Arslan adyndaky döwlet drama teatrynyň edebiýat bölüminde işledi.

Nobatguly Rejebow –  17 sany goşgular ýygyndysynyñ awtory, “Durnalar üçin düşelge” atly goşgular ýygyndysy Moskwada rus dilinde neşir edilip, ol okyjylaryñ söýgüli şahyryna öwrüldi.

Nobatguly Rejebowyñ goşgulary rus, gruzin, ukrain, gazak, özbek… dillerinde döwürleýin metbugatda çap edildi.

2019-njy ýylda onuň “Kalbymyň senasy” atly goşgular kitaby neşir edildi.

Nobatguly Rejebow öz terjimehalynda şeýle ýazýar: “1975-nji ýylda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň  Bütinsoýuz maslahatyna gatnaşyjy boldum.1978-nji ýylda meniň  «Topragyň tagamy» atly  ilkinji kitabym “Türkmenistan” neşirýatynda çapan çykdy. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleni boldum. Şol ýylam men «Türkmenistan» neşirýatyna işe geçip, 1981-nji ýyla çenli işledim. Men «Garagum» («Sowet edebiýaty»)  žurnalynda uly redaktor, “Edebiýat we sungat” gazetinde bölüm müdiri bolup işledim. Men erkin döredijilik bilen meşgullandym, bir salymdanam Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe geçdim, esasy redaktor, jogapkär sekretar, soňra  bäş-alty ýyl şol kinožurnalyň baş redaktory boldum. 2001-nji ýyldan 2004-nji ýyla çenli kinostudiýanyň baş redaktory, esasy redaktory, baş redaktoryň orunbasary, ýene baş redaktor bolup işledim. Dürli ýyllarda meniň «Ajaýyp dünýä», “Ýyldyz dagy”, “Üç çemen”, “Jemşidiň jamy” atly  goşgular ýygyndym, çagalara niýetlenen «Ady kän oglan», “Dili peltek bezbeltek”  kitaplarym çap edildi. Men Moskwada geçirilen Bütinsoýuz ýaş ýazyjy-şahyrlaryň konferensiýasyna gatnaşdym. Konferensiýada meniň goşgularyma uly baha berildi, dessine-de «Molodaýa gwardiýa» neşirýatynda «Durnalar üçin düşelge» ady bilen rus dilinde çapdan çykdy. Şol ýyllar men kyssa hem dramaturgiýa bilen gyzyklanyp başladym. Meniň «Guduz» atly powestim aýratyn kitap bolup, “Dünýä haçan namart oldy?” powestim ýaşlar žurnalynda çap edildi. 1984-nji ýylda Aşgabadyň Aman Gulmämmedow adyndaky Milli ýaşlar teatryda «Gedaý bagşy» atly tragi komediýam goýuldy. (Režissýory Baýram Seýdullaýew) Spektakl öz döwründe gaty meşhur boldy, şol pýessa boýunça kinorežissýor Oraz Orazow «Ýalkamyş bagşy» atly iki seriýaly kinofilm döretdi. Şol ýyllar Çärjewiň teatrynda «Düýşdäki gyzy gözläp», Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky aýdym-sazly teatrynda ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýew bilen bile ýazan «Çuwal bagşy» atly oýnumyz tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. “Bally molla” atly komediýam gaty gyzykly çykdy.     

Men 1990-njy ýyllarda ispan şahyry Kalderonyň «Jadygöý jenan» atly goşgy bilen ýazylan komediýasyny, meşhur Serwantesiň «Don Kihot Lamançly» atly dünýäni baglan beýik romanyny terjime etdim.

Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesow hakda dokumental filmi döretdim. Dürli ýyllarda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Ajaýyp» (kinokomediýa), ajaýyp çeh ýazyjysy Karel Çapegiň «Aýratyn  haly» atly hekaýasynyň äheňinde “Arşyň pynhan hikmeti” iki seriýaly, “Awazanyň aýdymy”, “Gyzykly gezelenç” alty çeper filmlerim surata düşürildi.

Men kyrka golaý  sahna eserini ýazdym, olaryň galabasy komediýadyr”. Kinodramaturg Nobatguly  Rejebow 1997-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi» medaly, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň  ýigrimi ýyllygy ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

2010-njy ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Nobatguly Rejebowyň Magtymguly Pyragynyň ömür beýanyna bagyşlanan uly göwrümli romany şahyryň özi ýaly, türkmen edebiýatynda uly edebi hadysadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň