Soňky habarlar

Arhiw

BSG Türkmenistanyň öz çägini COVID-19-dan goramak üçin çynlakaý çäreleri görendigini tassyklady

20:3903.05.2020
0
2105

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandakywekilhanasynyň başlygy Paulina Karwowskanyň ýekşenbe güni “RIA Nowosti” habarlar gullugyna beren habaryna görä, Türkmenistan öz çägini ýokanç kesellerden goramak üçin örän çynlakaý çäreleri gördi we beýleki ýurtlar ýaly bu meselä içgin çemeleşdi.

Täze wirus baradaky ilkinji habarlar peýda bolan dessine onuň ýurda girmeginiň öňüni almak üçin iň ýokary derejeli işlere meýilnamalaýyn girişildi. Hökümet we degişli düzümler BMG-nyň agentlikleri bilen bilelikde bu işi dowam etdirýär. Türkmenistanda COVID-19 meselesine taýýarlyk we jogap meýilnamasy işlenip düzüldi.

Karwowska Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerindäki karantin merkezleri barada aýtmak bilen, "Bu merkezler bu keseli bolan adamlary çalt bejermekde we izolirlemekde möhüm rol oýnap biler we şeýlelik bilen onuň ýaýramagynyň öňüni alar” – diýdi.

“Orientiň” ýazmagyna görä, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň COVID-19 bilen ýurtdaky ýagdaýa nähili baha berýändigi barada soralanda, Karwowska Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň netijeli işlerine bil baglaýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň