«Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli bolan gaz ýatagyna Siemens kompaniýasynyň gaz turbinalary satyn alnar

20:4830.04.2020
0
10261

Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarýan hem-de ony ugradýan «Lebapgazçykaryş» müdirligi Naýyp gaz ýatagynda hereket edýän nebit-gaz toplumyndan çig mal iberilişini gowulandyrmaga niýetlenen göçme kompressor enjamlary bilen üpjün ediler.

“Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşiriniň ýazmagyna görä, kärhanany tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak üçin geçirilen halkara bäsleşigniň netijesi boýunça gar-turbina herekete getirijili enjam satyn alnar. Siemens kompaniýasynyň çykarýan SGT-300 we SGT-100 gaz turbinalary nebit-gaz pudagynda giňden ulanylýar. Olaryň bloklara bölünip ýasalmagy magistral gaz geçirijilerde ygtybarly we tygşytly göçme kompressor enjamlaryny, turba geçirijilerde gaz basyşyny ýokarlandyrmak hem-de iberilýän gazy senagat ulgamlarynda ýygnamak we gysmak üçin enjamlary oturtmaga mümkinçilik berýär.

2030-njy ýyla döwür üçin ýurduň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň çäklerinde we uglewodorod çig malyny çykarmagy artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň jähtinden kärhananyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar.
Ýylyň başyndan bäri «Lebapgazçykaryş» kärhanasynyň Kükürtli, Malaý, Bagaja, Sakar, Çartak, Farap, Täjibaý känlerinde 3 milliard kub metre golaý tebigy gaz gaz çykarylyp, tabşyryk 136,1 göterim ýerine ýetirildi. Gaz kondensatynyň önümçiligi-de ep-esli artdy, 21 müň tonna golaý suwuk uglewodorodlar alyndy, ýagny tabşyryk 131,8 göterim amal edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň