Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda iki sany guşçulyk toplumy döredilýär

21:4529.04.2020
0
9334

Daşoguz welaýatyndaky hususy guşçulyk hojalyklarynyň hataryna ýakyn wagtlarda iki sany täze döwrebap toplum goşular.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Esas gurluşyk” HK Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda hususy guşçylyk hojalygynyň gurluşygyny alyp barýar.

Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin kärendesine bölnüp berlen üç gektar ýerde dört sany guş ketegi, iýmleri taýýarlaýjy seh, iýmleri we taýýar önümleri saklamak üçin ammarlar, ýumurtgalary sortlaýjy we gaplaýjy bölüm, edara jaýy we beýleki desgalar bina edilýär. Toplum ýylda 36 müňden gowrak ýumurtganyň önümçiligi üçin niýetlenilendir.

Guşçulyk hojalygy awtomatlaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar bilen enjamlaşdyrylar, bu bolsa öndürilýän önümiň halkara arassaçylyk we ekologiýa kadalaryna doly derejede laýyklygyny üpjün eder.

Edil şular ýaly toplum şol etrapda “Arassa başlangyç” HK tarapyndan bina edilýär. Geljekde telekeçiler ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi özleşdirmegi meýilleşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň