Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan – Gruziýa: nebit önümleriniň üpjünçiliginiň mukdary artýar

16:2728.04.2020
0
14339

Bu ýyl Türkmenistanda öndürilýän nebithimiýa önümleriniň Gruziýa eksporty ep-esli artdy. Gruziýanyň Nebit import edijiler birleşiginiň habaryna görä, mart aýynda awtoulag benzini we dizel ýangyjynyň iň köp importy Russiýadan – 19 müň tonna, Türkmenistandan – 16,8 müň tonna. Awiasiýa kerosinini iň köp satyn almak biziň ýurdumyzda hem edildi: 4,9 müň tonna, bu geçen ýylkydan iki esse köp.

Ilkinji üç aýyň dowamynda Gruziýanyň bazaryna 40 müň tonnadan gowrak awtoulag ýangyjy getirildi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,5 esse köp. Türkmen benzininiň paýynyň eýýäm importyň 17 göterimine, uçar ýangyjynyň bolsa 74 göterimdigi bellendi.

Şeýlelik bilen, üçünji çärýegiň netijelerine görä, Türkmenistan Gruziýa awiasiýa kerosini esasy eksport edijileriniň sanawynda birinji orunda durýar. Bu döwürde söwda kompaniýalar biziň ýurdumyzdan 14 müň tonna töweregi önüm satyn aldylar.

Gruziýanyň Milli statistika gullugy tarapyndan aprel aýynda neşir edilen maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda biziň ýurdumyzdan iberilýän nebit önümleriniň umumy bahasy 19 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Türkmenistan indi ýangyç we energiýa önümlerini esasy üpjün edijiler sanawynda Russiýadan we Rumyniýadan soň üçünji ýerde durýar.

Hünärmenleriň pikiriçe, soňky döwürde türkmen-gruzin söwda we ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin şowly ädimler ädildi. Hususan-da, şu ýylyň fewral aýynda Gruziýanyň we Azerbaýjanyň demirýol kompaniýalary nebit önümlerini Türkmenistandan möwsümleýin üstaşyr daşamak barada aprel aýyndan noýabr aýyna çenli güýje girjek Şertnama gol çekdi. Umuman aýdylanda, bu Ýewropa-Kawkaz-Aziýa üstaşyr transport ýolunyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň