Soňky habarlar

Arhiw

Durmuş işi boýunça hünärmenler işe çagyrylýar

19:0727.04.2020
0
5316
Durmuş işi boýunça hünärmenler işe çagyrylýar

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň «Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek» atly bilelikdäki Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi durmuş işi boýunça hünärmen wezipesine dalaşgärleri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär.

Durmuş işi boýunça hünärmenleriň ýurdumyzyň Aşgabat, Tejen, Balkanabat, Türkmenbaşy, Hazar, Daşoguz, Türkmenabat, Mary şäherlerinde we Ak bugdaý, Tejen, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Çärjew, Farap, Baýramaly, Wekilbazar etraplarynda işe kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Durmuş işi boýunça hünärmenlere bildirilýän talaplar:

Bilimi: durmuş işi, sosiologiýa, psihologiýa, lukmançylyk ýa-da pedagogika (mugallymçylyk), hukuk, ykdysady we beýleki ynsanperwer ylymlary boýunça ýokary hünär bilimi ýa-da durmuş işi boýunça orta hünär bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: adamlar bilen işleşmegi talap edýän ugurlarda üç ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolmaly.

Başarnyklary: türkmen we rus dillerini bilmeli, kompýuterde işlemek ukyby bolanlara artykmaçlyk berilýär.

Şahsy häsiýetleri: adamlar bilen gürleşmäge ukyply, alçak, jogapkärçilikli, adamlar bilen işlemäge we olara kömek etmäge islegli, çeýe iş tertibinde işlemäge, etraplara iş saparlaryny amala aşyrmaga taýýarlykly.

Gyzyklanýan adamlar ýokarda görkezilen şäherlerdäki we etraplardaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna «Durmuş işi boýunça hünärmen» ýazgysy bilen ýapylan bukja salyp ýa-da Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň mlsp@online.tm salgyly elektron poçtasyna şu resminamalary:

- bellenen nusga boýunça şahsy maglumatyny;

- hünär bilimini tassyklaýan resminamanyň (diplomyň) göçürmesini iberip bilerler. Resminamalar 2020-nji ýylyň 8-nji maýyna çenli tabşyrylmaly.

Artykmaçlyk gazanan dalaşgärler 2020nji ýylyň 19 — 22-nji maýy aralygynda ministrlige söhbetdeşlige çagyrylarlar.

Ministrligiň https://mlsp.gov.tm/ru web sahypasynda goşmaça maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň